Iň täze habarlar

Türkmen wekiliýeti Bütindünýä bilim forumynda öňdebaryjy bilim hyzmatdaşlary bilen duşuşyklary geçirdi

20.05.2025 | 15:00 |
 Türkmen wekiliýeti Bütindünýä bilim forumynda öňdebaryjy bilim hyzmatdaşlary bilen duşuşyklary geçirdi

19-njy maýda, Londonda — 2025-nji ýylyň Bütindünýä bilim forumynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti halkara bilim guramalarynyň we tehnologik kompaniýalaryň öňdebaryjy wekilleri bilen birnäçe möhüm ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.

**Times Higher Education (THE)

Akademiki reýtingler boýunça dünýäde öňdebaryjy hökmünde tanalýan Times Higher Education (THE) guramasynyň Ýakyn Gündogar we Afrika boýunça prezidenti Nik Dewis bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara akademiki giňişlige gatnaşygyny giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. THE - ýylsaýyn dünýä uniwersitetleriniň reýtinglerini neşir edýär, olaryň ylmy makalalaryň çap edilmegi, halkara hyzmatdaşlyk derejesi, mugallymçylyk hil derejesi, uçurymlaryň işe ýerleşmek mümkinçiligi ýaly esasy görkezijilere esaslanýar.

Duşuşykda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde netijeliligi ýokarlandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygy, içerki gözegçilik ulgamynyň girizilýändigi aýratyn bellenildi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasion maglumat merkezi tarapyndan ähli ýokary okuw mekdepleriniň üstünliklerini onlaýn görnüşde yzarlamaga mümkinçilik berýän platforma döredildi. Bu platforma fakultetleriň, kafedralaryň we mugallymlaryň netijeliligini seljermäge mümkinçilik berýär. Netijede, soňky bäş ýylyň dowamynda türkmen uniwersitetleriniň mugallymlary tarapyndan halkara indeksleýji ylmy žurnallarda çap edilen makalalaryň sany 95 esse artdy, bu bolsa ýurduň ylmy kuwwatynyň ösüşiniň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşykda Türkmenistanyň 2052-nji ýyla çenli ýokary bilimiň ösüş strategiýasy boýunça alnyp barylýan işler hem aýratyn bellenildi. THE - bu strategiýanyň halkara ülňülere laýyklykda işlenilýändigini belledi we ýokary bilimi ösdürmek strategiýalarynyň dürli ýurtlardaky tejribesi boýunça barlag netijelerini paýlaşmaga taýýardygyny aýtdy.

THE - Türkmenistanyň ýokary bilimiň dolandyrylyşynda hil, netijelilik we ylmy işjeňlik ýaly ölçeglere esaslanýan strategiýasyny ýokary baha berdi we ýurdumyzyň uniwersitetleriniň halkara bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça strategik tagallalaryna goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy. Bu işde webinarlar, analitiki maslahatlar we uniwersitetleriň dünýä derejesindäki pozisiýalarynyň seljermesi boýunça okuw maksatnamalaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Pearson

Soňra Merkezi we Gündogar Ýewropa hem-de GDA ýurtlary boýunça Pearson kompaniýasynyň bilim boýunça direktory Arek Ýaworski bilen netijeli duşuşyk geçirildi. Duşuşykda bilimleriň halkara taýdan tassyklanylmagy, döwrebap diagnostiki we baha beriş gurallarynyň ornaşdyrylmagy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Pearson — bilim mazmuny we halkara sertifikasiýasy babatda dünýä lideridir, dünýäniň 75-den gowrak döwleti we müňlerçe bilim edaralary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Duşuşykda Türkmenistanyň okuwçylarynyň we mugallymlarynyň bilim derejesini halkara sertifikatlarynyň esasynda tassyklamak baradaky işleri barha giňeldýändigi bellenildi. Pearson VUE test merkezleriniň dürli ýurtlardaky tejribesi we olaryň bilim derejesine edýän täsiri hakynda maglumat alyşyldy. Kompaniýa sanly bilim serişdelerini, diagnostiki platformalary ornaşdyrmak we mugallymlaryň hünär derejesini halkara standartlaryna laýyklykda ýokarlandyrmak boýunça programmalary durmuşa geçirmek boýunça tejribesi bilen paýlaşdy. Pearson VUE-niň wekili daşary ýurt dillerinden we AKT ukyplaryndan bilim derejesini halkara ülňüler boýunça tassyklamak üçin synag pilot taslamalaryny geçirmegi teklip etdi.

Google for Education

Google for Education — Google kompaniýasynyň 190-dan gowrak ýurtda bilim edaralaryny sanly gurallar bilen üpjün edýän ugrynyň wekili Kris Hart bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy we goldawy bilen her ýyl ähli birinji synp okuwçylaryna noutbuk sowgat berilýändigini, bir tutuş nesliň ilkinji synpdan başlap sanly ulgamda bilim alýandygyny aýtdy. Bu bolsa tehnologiýalaryň irki ornaşdyrylmasynyň özboluşly nusgasydyr.

Google wekilleri sanly bilim giňişligini döretmek, okuwçylary döredijilikli pikirlenmäge ugrukdyrmak, AI-gural bilen işleşmek we şahsy ösüş ýoluny seljermek boýunça çözgütleri hödürlediler. Google for Education çözgütleriniň Türkmenistanyň bilim ulgamyna integrasiýasy mümkinçiligi görkezildi. Chromebook tehnologiýasyna aýratyn üns berildi — bu diňe bir kompýuter däl, eýsem bulut ulgamynda işleýän ChromeOS operasion ulgamyna esaslanýan ulgamdyr. Hasaplaýyş güýji lokal enjamda däl, Google-nyň bulut serwerlerinde amala aşyrylýar, ChromeOS islendik enjamda durnukly we çalt işlemegi üpjün edýär. Munuň bilen, Chromebook enjamlary bilim edaralary üçin elýeterli, ygtybarly we merkezi taýdan dolandyrylýan çözgüt bolup hyzmat edýär. Netijede her bir enjam doly sanly bilim gurallaryna öwrülýär. Google wekilleri okuw çärelerini guramaga we tehniki goldaw bermäge taýýardyklaryny aýtdylar. Şeýle-de, enjamlary merkezi taýdan dolandyrmak we bilim edaralarynyň ulanyjy işjeňligini yzarlamak mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Coursera

Dünýäniň 300-den gowrak uniwersiteti we kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýän onlaýn bilim platformasy Coursera-nyň döwlet hyzmatdaşlyklary boýunça ýerine ýetiriji direktory Ewgeniýa Ýarina bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Coursera platformasynyň dürli ýurtlarda we uniwersitetlerde ornaşdyrylmagynyň bilim hiline we uçurymlaryň iş bilen üpjünçiligine edýän täsirine degişli barlaglaryň netijeleri hödürlenildi.

Mundan başga-da, platformanyň maglumatlaryny ýerli derejede uýgunlaşdyrmak, analitiki maglumatlary bilim meýilnamasyna ornaşdyrmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Coursera netijeli bilim mazmunyny taýýarlamak boýunça usulyýet tekliplerini işläp taýýarlamakda dünýä tejribesi boýunça maglumat bermäge taýýardygyny aýtdy.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: