Türkmen medeniýeti Moskwadaky Samowarfest-2025 festiwalyna gatnaşýar
16.06.2025 | 14:30 |15-nji iýunda Moskwadaky WDNH sergiler merkezinde "Samowarfest-2025" atly giñ gerimli etnik we medeni festiwaly geçirilip, ol 160-dan gowrak milletiñ wekillerini birleşdirdi. Türkmenistanyñ gatnaşmagy festiwalda aýratyn üns çekdi.
Türkmen dili mugallymy, filologiýa ylymlarynyñ kandidaty Maýa Gylyjowa ýurdumyzyñ aỳdym-saz sungatyny türkmen dili mugallymy, filologiýa ylymlarynyñ kandidaty Maýa Gylyjowa ýurtlarynyñ diller kafedrasynyñ dosentiniñ çykyşy Magtymguly Pyragynyñ doglan gününiñ 300 ýyllygyna bagyşlandy. Lirik koloraturaly soprano sesine eýe bolan artist beýik türkmen şahyryñ "Boýlaryna" atly goşgusy esasynda döredilen aýdymy ýerine ýetirip, diñleýjileriñ çuñ manyly we ýürekden çykyşy bilen kalplaryny eýeledi.
Maýa Gylyjowa Samowarfest çäresine eýýäm ikilenji ýyl gatnaşyp, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen, milli däp-dessurlary gorap saklamakda we dünýä ýaýmakda öz möhüm goşandyny goşýar. Festiwalyñ netijeleri boýunça türkmen wekili etnik medeni mirasy ösdürmäge we gorap saklamaga goşan goşandy üçin "Milletler medeniýeti" Gaznasynyñ Diplomy bilen sylaglandy.
Maýa Gylyjowanyñ çykyşyna çärä gatnaşan Türkmenistanyñ Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdyýew ýokary baha berdi. Ol şeýle abraýly medeni meýdançasynda türkmen medeniýetini mynasyp derejede tanyşdyrandygy üçin artiste hoşallygyny bildirdi.
Festiwal her ýyl Moskwanyñ Medeni syýasaty we sebitara gatnaşyklar departamentiniñ, RF-iñ Prezidentiniñ ýanyndaky Milletara gatnaşyklar geñeşiniñ, Döwlet Dumasynyñ milletler baradaky komitetiniñ, Rus kongresi we milli medeni jemgyýetçilik guramalaryñ goldawy bilen "Milletler medeniýeti" Gaznasy tarapyndan geçirilýär. Şu ýyl 12 sagatlyk konsert marafonyna tutuş Russiýadan 1000-den gowrak artist gatnaşdy.