Iň täze habarlar

"Media Türkmen" habarlar agentligi Hytaý – Merkezi Aziýa ynsanperwer alyş-çalyş forumyna gatnaşdy

16.06.2025 | 17:30 |
 "Media Türkmen" habarlar agentligi Hytaý – Merkezi Aziýa ynsanperwer alyş-çalyş forumyna gatnaşdy

Şu gün, 16-njy iýunda Astanada “Hytaý – Merkezi Aziýa” ynsanperwer alyş-çalyş forumy geçirildi. Forum “Hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk, bilelikde öňe gitmek” şygary astynda geçdi. Türkmenistana bu çärede “Media Türkmen” habarlar agentligi wekilçilik etdi.

Форум по гуманитарному обмену Китай – Центральная Азия.jpg

Forum “Merkezi Aziýa – Hytaý” ikinji sammitiniň çäklerinde geçirildi we ol sebitiň ýurtlarynyň media, medeniýet hem-de döwlet edaralarynyñ wekillerini bir ýere jemledi. Esasy üns ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, media ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de medeniýetara dialogy ösdürmäge gönükdirildi.

Форум по гуманитарному обмену Китай – Центральная Азия.jpg

Форум по гуманитарному обмену Китай – Центральная Азия.jpg

Forumyň çäklerinde “Si Szinpiniň gowy görýän ganatly sözleri” atly teletaslamasynyñ halkara goýberilişi hödürlenildi. Çäräniň açylyşynda çykyş eden Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew şeýle diýdi:

Форум по гуманитарному обмену Китай – Центральная Азия.jpg “Ynsanperwer alyş-çalyşa bagyşlanan bu forum dünýäniň köp sanly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan taryhy döwründe geçirilýär. Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň çylşyrymlaşmagy we halkara gatnaşyklaryndaky dartgynlyk ýaly ýakynda bolup geçen wakalar ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini görkezýär. Men "Si Szinpiniň gowy görýän ganatly sözleri" atly teletaslamasynyñ halkara goýberilişiniñ görkezilmegine uly gyzyklanma bilen garaşdym. Bu sözler Hytaýyň daşary ýurtlar bilen gepleşiklerdäki filosofiýasyny, gymmatlyklaryny we parahatçylyga goýýan hormatyny açyp görkezýär.”

Форум по гуманитарному обмену Китай – Центральная Азия.jpg

Forumda Gazagystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Ýerlan Karin hem çykyş etdi.

Форум по гуманитарному обмену Китай – Центральная Азия.jpg

Forumyň maksatnamasy şulary öz içine aldy: “Ýer ýüzündäki bulutlar” atly dokumental filmiň ilkinji görkezilişi; “Egin-eşik — nyşan hökmünde: Hytaýdan dünýä” atly taslamanyň tanyşdyrylyşy; “Men Hytaýda okadym” atly täze gepleşikler tapgyrynyň başlanylmagy; “Merkezi Aziýa boýunça uly syýahat” taslamasynyň jemlenmegi; “Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniñ hyzmatdaşlyk başlangyçlary” atly neşiriň hödürlenmegi; döredijilik çykyşlary we iň gowy bilelikdäki media taslamalarynyň görkezilişi.

Forum Gazagystanly aýdymçy Ruhiýa Baýdýukenowanyň ýerine ýetiren aýdym-saz çykyşlary bilen tamamlandy. Форум по гуманитарному обмену Китай – Центральная Азия.jpg

“Media Türkmen” agentliginiň şeýle derejedäki forumda gatnaşmagy, Türkmenistanyň ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge we media hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bolan ygrarlylygyny görkezýär, şeýle hem sebitiň ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: