Tecno Spark 40: giňeldilen emeli aňly inçe we elýeterli smartfonlar
09.07.2025 | 14:30 |Tecno täze elýeterli smartfonlaryň Spark 40 tapgyryny hödürledi. Bu tapgyra Spark 40 Pro+, Spark 40 Pro, Spark 40 we Spark 40C modelleri girýär. Täze modeller ýokary hilli dizaýny we emeli aň mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar.
Aýratyn üns inçe korpuslara berilýär: Spark 40 Pro+ bary-ýogy 6,49 mm, Pro bolsa 6,69 mm galyňlykdadyr. Ähli modeller gara, ak we titan reňklerde elýeterli bolup, IP64 standartyna laýyklykda goralan. Pro+ we Pro modelleriniň ekranlary Corning Gorilla Glass 7i bilen goralan.
Spark 40 Pro+ ilkinji bolup 6-nm tehnologiýasynda öndürilen MediaTek Helio G200 prosessory bilen enjamlaşdyryldy we AnTuTu synagynda takmynan 470 müň bal toplady. Spark 40 Pro bolsa MediaTek Helio G100 Ultimate prosessory bilen üpjün edilýär. Esasy modelleriň ählisinde 5200 mA·s akkumulýator bar we 45 W tiz zarýadlanmagy goldaýar. Pro+ modelinde goşmaça 30 W simsiz zarýad we 5 W rewersiw zarýad goldawy bar. Oýnuň dowamynda enjamyň gyzmagyny peseldýän “bypass charging" funksiýasy hem bar. Tecno 2000 gezek zarýadlanmadan soň akkumulýatoryň 80% kuwwatyny saklajakdygyna kepil geçýär we 5 ýyllyk kepilligi berýär.
Pro+ we Pro modellerinde 6,78 dýuýmlyk 1.5K AMOLED ekranlar bolup, 144 Hz täzeleniş ýygylygyna we 4500 kd/m² iň ýokary ýagtylyga eýedir. Şeýle hem Dolby Atmos tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan stereodinamikleri bar.
Spark 40 tapgyryndaky smartfonlarda Ella atly emeli aň kömekçisi bar. Bu kömekçi ChatGPT, DeepSeek we Gemini platformalaryna esaslanýar we Circle to Search, sesden tekste öwürmek, şekilleri redaktirlemek we emeli aňly gepleşikler ýaly aýratynlyklary hödürleýär. Enjamlar Android 15 esasynda işleýän HIOS 15 operasion ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.
Ähli modelleriň esasy kamerasynyň durulygy 50 MP. Pro+ modelinde elektron şekil durnuklaşdyryjysy (EIS) we Tecno RAW algoritmi bar. Smartfonlar Super Wi-Fi 2.0, GPS 2.0, NFC we IR-porty ýaly mümkinçilikleri hem goldaýar. FreeLink funksiýasy arkaly faýllary internet baglanyşygy bolmazdan, 200 metre çenli aralykda alyş-çalyş etmek bolýar.
ORIENT