Iň täze habarlar

Türkmenistanyň DIM-i Kiýewden Ukrainanyň teleýaýlymyndaky galp maglumatlara garşy çäre görmegini talap edýär

08.07.2025 | 21:25 |
 Türkmenistanyň DIM-i Kiýewden Ukrainanyň teleýaýlymyndaky galp maglumatlara garşy çäre görmegini talap edýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ukrainanyň habar beriş serişdeleri tarapyndan Türkmenistan barada ýaýradylan tarapgöý häsiýetli habarlar bilen baglylykda nägilelik bildirdi. Hususan-da, gürrüň 8-nji iýulda Ukrainanyň “FREEДОМ” teleýaýlymynda Türkmenistanyň internete elýeterlilik babatynda göýä “ýapyklygy” barada aýdylan tarapgöý häsiýetli we hakykata laýyk gelmeýän maglumatlary hakda barýar.

Türkmenistanyň DIM-i öz beýanynda ukrain kanalynyň wekilleriniň şeýle maglumatlary ýaýratmak boýunça hukugyna “aňrybaş düşünişmezligi” döretýändigini mälim edip, “häzirki zaman Türkmenistan barada hiç hili düşünjesi bolmadyk, ýurdumyza hiç haçan gelip görmedik, şeýle hem ýurduň döwlet we jemgyýetçilik düzümleriniň wekilleri, kärdeşleri – türkmen žurnalistleri bilen hiç hili gatnaşyklary saklamaýar” – diýip belleýär.

Türkmen tarapy “FREEДОМ” teleýaýlymynyň Türkmenistan barada hakykata laýyk gelmeýän we ýoýlan maglumatlary bilkastlaýyn ýaýratmak bilen, tomaşaçylar köpçüligine galp habarlary ýetirmesiniň ilkinji gezek däldigini belleýär.

Daşary işler ministrligi bularyň hemmesi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň tutuş döwründe türkmen tarapynyň ukrain halkyna berýän köpýyllyk ykdysady we ynsanperwer goldawynyň şertlerinde bolup geçýändigine ünsi çekýär. Şeýlelikde, 1990-njy ýyllardan başlap, Türkmenistan köp ýyldan bäri Ukrainany uly göwrümlerde tebigy gazy bilen üpjün edýärdi şeýle hem birnäçe ukrain kompaniýalary Türkmenistanda milliardlarça ABŞ dollaryna barabar bolan köpsanly taslamalary durmuşa geçirdiler.

Türkmenistanyň DIM-i gatnaşyklarda iki taraplylygyň ähmiýetini nygtap: “Aýdylanlara esaslanyp, käbir ukrain KHBS-iň wekillerine «ýagşylyga – ýagşylyk» ýaly durmuş hakykatynyň tersine hereket etmegiň deregine, onuň ýokary ähmiýetini we gymmatyny ýatdan çykarmazlyk zerurdyr” – diýip, belledi.

Ýüze çykan ýagdaýlardan ugur alyp, türkmen tarapy maglumat syýasaty üçin jogapkär Ukrainanyň degişli döwlet edaralaryndan geljekde ýokarda görkezilen ýagdaýlaryň mundan beýläk gaýtalanmazlygy üçin ukrain kanunçylygyna laýyklykda zerur çäreleri görmegini talap edýär.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: