Türkmen senetkäri Wenada Wohnen & Interieur sergisine gatnaşýar
17.03.2023 | 19:35 |“Handmade Exports 2021” bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijisi Maýa Orazmyradowa 15-nji martdan 19-njy mart aralygynda Wenada (Awstriýa) geçirilýän “Wohnen & Interieur” halkara sergisine gatnaşýar.
Maýa Orazmyradowa sergide Türkmenistanyň 20-den gowrak senetkäriniň el hünärinden dörän ajaýyp işlerini görkezer. Etnik äheňdäki nepislige ýugrulan ekspozisiýada haly we haly önümleri, witraž bezegli diwar sagatlary, özboluşlylygy bilen tapawutlanýan aksessuarlar, dokma önümleri, ýadygärlik sowgatlar we amaly haşam sungatynyň beýleki önümleri bar.
Wohnen & Interieur Awstriýada geçirilýän mebel, öý bezegleri weş.m. boýunça esasy sergi ýarmarkasy bolup, milli we halkara markalaryň 750-den gowragyny görkezýär.
ORIENT news