Iň täze habarlar

Taryha gezelenç: ABŞ-nyň prezidentleriniň Aşgabatda bir stoluň başynda geçen duşuşygy

16.03.2023 | 03:16 |
 Taryha gezelenç: ABŞ-nyň prezidentleriniň Aşgabatda bir stoluň başynda geçen duşuşygy

Jorj Waşington, Awraam Linkoln, Franklin Ruzwelt, Barak Obama – bularyň hemmesi ABŞ-nyň taryhynda öçmelek yz goýan görnükli syýasy şahsyýetleri. Olaryň hersi döwletiň ösüşine we mirasyna belli bir goşant goşdy.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary bu amerikan liderleriniň syýasy çekişmesine şaýat bolmaga mümkinçilik aldylar.

Taryhy liderleriň keşbini mümkin boldugyndan hakykata ýakyn janlandyrmaga çalşan ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri ştatlarda her ýyl geçirilýän Prezident gününi türkmen ÝOM-yň talyplary bilen bilelikde belläp geçdiler. Ýeri gelende, bu senäniň ABŞ-nyň ilkinji prezidenti, döwlet we syýasy işgäri Jorj Waşingtonyň doglan güni mynasybetli resmi taýdan baýram diýlip yglan edilendigini bellemelidiris.

2.jpg

– “Biz Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde türkmen talyplaryna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň medeniýeti we liderleri, hususan-da prezidentleri barada gürrüň bermek üçin ýygnandyk. Liderlik dünýä bolan garaýyşdyr. Bu – kynçylykly döwürde çydamlylyk hem-de tutuş millet üçin umumy bolan meseleleri çözmek ukyby barada” – diýip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Stiwen Klimou duşuşygyň öňýaýynda ORIENT-iň habarçysyna aýtdy.

3.jpg

– “Bu tejribäni gözden geçirmek üçin dört prezidentde - Jorj Waşingtonyň, Awraam Linkolnyň, Franklin Ruzweltiň we Barak Obamanyň şahsyýetlerinde ünsi jemlemegi makul bildik” – diýip, ilçi sözüni dowam etdi.

4.jpg

…Şeýle çäräniň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilmegi tötänleýin däl. Bu ýerde talyplara berilýän bilim olaryň iňlis dilini kämilleşdirmäge esaslanýar.

Okuw binasynyň foýýesinde ABŞ-nyň Jorj Waşingtondan başga, ähli prezidentleriniň resmi rezidensiýasy bolan Ak tamyň öňki eýeleri bilen baglanyşykly eksponatlar sergilenipdir. Döwlet baştutanynyň wezipesini 1789-njy ýyldan 1797-nji ýyla çenli eýelän Waşingtonyň döwründe Ak tam heniz bina edilmändi...

5.jpg

Çäräni açmak bilen, ilçi Klimou Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň taryhynda ýatdan çykmajak yz galdyran her bir prezidentiň ägirt ähmiýetli roluny belläp geçdi. Onuň sözlerine görä, ady agzalan prezidentleriň şahsyýet hökmünde bir-birinden tapawutlydygyna seretmezden, hemmesini Amerikanyň geljegi barada alada birleşdirýär.

Duşuşygyň barşynda gahrymanlaryň özlerine hem söz berildi.

6.jpg

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny esaslandyryjylaryň biri bolan ABŞ-nyň halk tarapyndan saýlanan ilkinji prezidenti "Jorj Waşington" şeýle diýdi:

– Men bu wezipäni iki möhletiň dowamynda eýeledim. Köp ýyllardan soň, taryhçylar meniň hökümdarlygymyň ABŞ-nyň ösüşi üçin juda ähmiýetli bolandygyny ykrar etdiler, sebäbi meniň işim köpmilletli halkymyzyň milliliginiň kemala gelmegine uly täsirini ýetirdi.

7.jpg

...Talyplar Jorj Waşingtonyň ýurduň prezidenti hökmünde ilkinji ädimleriniň biriniň ABŞ-nyň hökümetiniň häzirki zaman ulgamynyň binýadyna öwrülen administratiw gurluşy döretmek bolandygy baradaky gürrüňlerini üns bilen diňlediler. Şeýle hem, ol Amerikanyň taryhçylarynyň pikiriçe, ýurduň demokratiýasynyň esasyna öwrülen ABŞ-nyň konstitusiýasynyň döredilmeginde möhüm rol oýnady.

Garaşsyzlyk üçin söweşe gatnaşyjy we Amerikanyň prezidentlik institutyny dörediji Jorj Waşington erkin söwdanyň tarapdary bolupdyr we ýurduň ykdysady durnuklylygyny berkitmäge mümkinçilik beren milli walýutanyň döredilmegini goldapdyr.

8.jpg

...HYY we ÖU-niň prezidiumynda talyplar bilen duşuşyga gatnaşyjylaryň ýene biri - "Abraam Linkoln". Öz döwründe ABŞ-nyň 16-njy prezidenti ýurduň raýat urşuna sezewar bolan gaty kyn döwürde ýolbaşçylyk edendigi barada gürrüň berdi.

Onuň bitiren hyzmatlarynyň arasynda 1863-nji ýylda azatlyk jarnamasyna gol çekip, gulçulygy bes edendigi aýratyn orun eýeleýär. Munuň özi Linkolnyň iň ähmiýetli üstünliklerinden biri hasaplanyp, adam hukuklary we deňlik ugrundaky göreşde ägirt ädim boldy.

9.jpg

“Linkolndan” soňra söhbetdeşligi "Franklin Ruzwelt" dowam etdi. Ol talyplara özüniň esasy üstünlikleri, şol sanda Beýik depressiýa, ýagy Amerika we beýleki ýurtlara aralaşan ykdysady krizise garşy ýola goýan Täze ugur maksatnamasy barada gürrüň berdi. Täze ugur ykdysadyýeti goldamak, iş ýerleri döretmek we garyplyga garşy göreşmek babatda köp başlangyçlary öz içine alypdy.

10.jpg

...2009-njy ýyldan 2017-nji ýyla çenli döwür içinde döwlete ýolbaşçylyk eden "Barak Obama" "Amatly ideg kanuny" diýlip atlandyrylýan saglygy goraýyş pudagyndaky özgertmeler barada aýtdy. Bu özgerişlikler ABŞ-nyň raýatlaryny ilkinji gezek ähliumumy saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy bilen üpjün etdi, bu bolsa millionlarça adama saglygy goraýyş hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berdi.

...Duşuşygyň dowamynda türkmen talyplary ABŞ-nyň “prezidentlerine” sorag bermäge mümkinçilik aldylar.

11.jpg

Mysal üçin, talyplaryň biri "Franklin Ruzweltden" näme üçin dört gezek prezident saýlanandygyny sorady.

– "Men muňa mynasyp däl ýaly görünýärmi?!" – diýen jogap derrew talyplaryň şatlykly gülküsi we el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Ondan soňra, beýleki bir prezident - "Abraam Linkoln" özüniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iň gowy prezidentidigi barada aýdyp ugrady, munuň sebäbini ýurdy taryhynyň iň kyn döwründen hut özüniň çykaryp bilendigi bilen düşündirdi. “Linkolnyň” pikiriçe, ondan soň ýaşan taryhçylaryň köpüsi hut şeýle pikir edýär.

“Ruzwelt” derrew oňa garşy çykdy:

– Biziň haýsymyzyň ABŞ-nyň iň gowy baştutanydygyna hemmeler gowy düşünýär, sebäbi men dört gezek prezidentlige saýlandym!

“Linkolnyň” bu meselä öz garaýşy bardy:

– Gynansak-da, meni öldürdiler!" Ýogsam, men has köp hyzmat edip bilerdim!

12.jpg

... HYY we ÖU-niň talyplarynyň ABŞ-nyň dürli taryhy döwürlerinde ýaşap geçen dört prezidenti bilen bolan duşuşygy şeýle resmi däl, gülkä ýugrulan we şol bir wagtyň özünde öwredijilik häsiýetli ýagdaýda geçirildi.

Interaktiw tagtada ABŞ-nyň prezidentleriniň diňe bir Amerikanyň taryhy boýunça däl, eýsem ilçi Klimounyň aýdyşy ýaly, “liderlik we jogapkärçilik barada” aýdan sözleriniň peýda bolmagy özboluşly synag barlagy boldy.

Talyplara jümleleriň haýsy prezidente degişlidigini kesgitlemek hödürlendi. Dogry jogap berenlere ilçihananyň işgärleri tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda ABŞ-nyň ilçisi Mettýu Klimou uniwersitetiň kitaphanasyna baryp, ABŞ-nyň prezidentleri barada iňlis dilinde çap edilen okuw materiallaryny sowgat etdi.

13.jpg

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: