“Start” hat-habar alyş-çalyş ulgamyndaky maglumatlaryň işlenilmegi has netijeli boldy
25.02.2025 | 15:45 |Start hat-habar alyş-çalyş ulgamy özüniň işleýşini kämilleşdirip, ulanyjylara maglumatlary has netijeli işlemek mümkinçiligini berdi.
Möhüm täzelenişiň biri maglumatlary işlemegiň tizligidir. Bu maglumatlary çalt alyşmak şertlerinde aýratyn möhüm bolup durýar. Indi ulanyjylar maglumatlary has çalt ýagdaýda alyp we geçirip bilýärler. Mundan başga-da, giňeldilen işleýiş wezipeleri media maglumatlar bilen işlemegiň täze gurallaryny, bulutlaýyn hyzmatlar bilen integrasiýany we gowulandyrylan howpsuzlyk wezipelerini öz içine alýar. Bu üýtgeşmeler “Start” ulgamyny bazarda has bäsdeşlige ukyply ýagdaýa getirip, oňa täze ulanyjylary özüne çekmäge we bar bolanlary saklamaga ýardam berýär.
Start diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, eýsem dolulygyna maglumatlary alyşmak we işlemek üçin meýdança öwrülýär. Munuň özi maglumatlaryň uly göwrümi bilen işleşýän işewürler we ýokary taýýarlykly hünärmenler üçin döwrebap bolup durýar.
“Start” ykjam programma üpjünçiligi onlaýn-görnüşinde hat-habar alyşmaga, toparlaýyn gepleşikleri guramaga, ses we wideo jaňlary amala aşyrmaga, şeýle hem dürli görnüşli elektron maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýär. Meýdançanyň interfeýsi kämilleşdirilýär.
Bu programma üpjünçiligi iOS we Android platformalarynda elýeterlidir.
ORIENT news