5-nji maýda Microsoft Skype-iñ işleýşini hemişelik bes eder
01.03.2025 | 08:50 |Microsoft kompaniýasy Skype internet-jañlar hyzmatynyñ ýapylýandygy barada habar berdi. Bu waka 2025-nji ýylyñ 5-nji maýynda bolup geçer. Bu baradaky karar ulanyjylaryñ arasynda has meşhur bolan kompaniýanyñ Microsoft Teams platformasynyñ ösüşine ünsi jemlemek bilen şertlendirilen.
Microsoft Skype ulanyjylara özüniñ kontaktlaryny we hatlaryny Teams-a geçirmegi teklip edýär. Bu bolsa geçişi añsatlaşdyrmaly. Bildirişiñ çykanyndan soñ 60 günüñ dowamynda ulanyjylar öz maglumatlaryny geçirip ýa-da täze platforma geçip bilerler. Teams-y ulanmak islemeýänler üçin ýylyñ ahyryna çenli özüniñ maglumatlaryny saklamak mümkinçiligi berler. Soñra bolsa olar aýrylar.
Kompaniýanyñ ynandyrmagyna görä, Teams-a geçiş aragatnaşygyň hilini gowulandyrmaga hem-de bu babatda innowasiýalary çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berer.
"Skype häzirki zaman aragatnaşyklaryñ emele gelmeginiñ we sanardan köp möhüm pursatlaryñ emele gelmeginiñ aýrylmaz bölegi boldy. Biz hem şu ýoluñ bir parçasy bolanymyza buýsanýarys" - diýip, Microsoft-da bellediler.
2003-nji ýylda Niklas Zennstrýom, Ýanus Friis we beýleki dört eston işläp taýýarlaýjylar tarapyndan işledilip başlanan Skype, öz wagtynda wideo jañlar we hat-habar alyşmak boýunça öñdebaryjy hasaplanylýardy. Emma wagtyñ geçmegi bilen, onuñ meşhurlygy ep-esli derejede peseldi. 2016-njy ýylda işjeñ ulanyjylaryñ sany 300 mln ýetýärdi, emma 2023-nji ýyla çenli bu san 36 mln çenli azaldy.
ORIENT