Iň täze habarlar

Öý haýwanlary üçin dünýäniň ilkinji smartfony döredildi

07.03.2025 | 12:15 |
 Öý haýwanlary üçin dünýäniň ilkinji smartfony döredildi

Barselonada tamalanan dünýäniň ykjam enjamlar senagatynyň Mobile World Congress iri sergisinde GlocalMe kompaniýasy PetPhone atly özboluşly enjamyny görkezdi. Ol bolsa öý haýwanlar üçin döredilen dünýäniň ilkinji smartfony boldy.

Bu innowasion enjam öý haýwan bilen eýesiniň arasyndaky ikitaraplaýyn aragatnaşygy üpjün etmek üçin niýetlenendir. PetPhone üýrüş ýa-da birahatlyk alamatlary ýaly haýwanlar tarapyndan çykarylýan dürli sesleri tanamaga hem-de eýelerine bildirişleri ugratmaga ukyplydyr. Munuň özi eýelere öz öý haýwanlarynyň ýagdaýyna çalt täsir etmäge mümkinçilik berýär. Zerur bolan halatynda, eýeler enjam arkaly öz öý hawýwanlary bilen gürleşip, ony köşeşdirip bilerler.

Enjam saglyga gözegçilik etmek wezipesini hem öz içine alyp, öý haýwanyň fiziki ýagdaýy hem-de onuň hakyky wagtdaky işjeňligi baradaky maglumatlary berýär.

PetPhone GPS bilen enjamlaşdyryp, bu hem eýelere öý haýwanlarynyň ýerleşýän ýerlerine hakyky wagtda gözegçilik etmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa öý haýwanlaryny ýygy-ýygydan özbaşdak goýup, olaryň howpsuzlygy barada alada edýänler üçin döwrebap çözgüt bolar.

ORIENT news

Foto: rbc.ua

Şeýle hem okaň: