Iň täze habarlar

Beýik Britaniýa hemra arkaly göni ykjam aragatnaşygy ýola goýmaga taýýarlanýar

01.04.2025 | 12:20 |
 Beýik Britaniýa hemra arkaly göni ykjam aragatnaşygy ýola goýmaga taýýarlanýar

Beýik Britaniýa hemra arkaly göni ykjam aragatnaşygyñ täze tehnologiýasyny ýola goýmaga taýýarlanýar. Bu bolsa ýurtda telekommunikasiýalaryñ ösmeginde möhüm ädim bolar.

Telekommunikasiýalar pudagyndaky milli Ofcom ugrukdyryjysy uzak aralykdaky ykjam telefonlaryñ eýelerine smartfon bilen hemranyñ arasynda göni maglumat geçiriş tehnologiýasyny ulanmaklaryny teklip etdi. Munuñ özi Beýik Britaniýanyñ ykjam aragatnaşygynyñ 100%, şeýle hem adaty torlaryñ öçürilen ýagdaýynda ätiýaçlandyryş üpjün edilmegine mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, täze ulgam kenarýaka suwlarda gämiler üçin aragatnaşygy hem-de tiz kömek gulluklaryna hemişelik birikdirmek mümkinçiligini üpjün eder.

Bu tehnologiýany ornaşdyrmak üçin Ofcom hereket edýän ygtyýarnama kanunlaryna üýtgetmeleri girizmegi teklip edýär. Bu bolsa ykjam aragatnaşyk operatorlary tarapyndan ulanylýan ýygylyklarda ykjam spektry ulanmaga mümkinçilik berer.

Ähli meseleleriñ çalt çözülen ýagdaýynda Beýik Britaniýadaky ulanyjylar eýýäm şu ýylyñ ahyrynda göni hemra aragatnaşyk mümkinçiligini alyp bilerler.

ORIENT news

Foto: techcult.ru

Şeýle hem okaň: