Iň täze habarlar

Suwuklandyrylan tebigy gaz bazary: barha artýan islege jogap hökmünde Türkmenistan näme teklip edip bilyär?

07.04.2025 | 22:15 |
 Suwuklandyrylan tebigy gaz bazary: barha artýan islege jogap hökmünde Türkmenistan näme teklip edip bilyär?

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň şu ýylyň birinji çärýegindäki önümçilik görkezijileriniň arasynda, suwuklandyrylan gaz önümçiliginde ösüş depgininiň öňdeligi aýratyn üns çekýär. Bu görkeziji 117,9 % derejesinde üpjün edilipdir. Bu bolsa, halkara bilermenleriniň belleýşi ýaly, suwuklandyrylan tebigy gaza (STG) bolan dünýäniň barha artýan isleginiň şertlerinde ýurduň eksport kuwwatynyň ýokarlanmagyna ýardam edip biler. Shell kompaniýasynyň 2025-nji ýyl üçin STG boýunça ýyllyk çaklamasynda 2040-njy ýyla çenli dünýäde suwuklandyrylan tebigy gaza bolan islegiň takmynan 60% artjakdygy aýdylýar. Bu ösüşiň esasy sebäbi Aziýada ykdysady ösüşiň güýçlenmegi, emeli aňyň ornaşdyrylmagy we agyr senagatda hem-de ulag pudagynda zyňyndylary azaltmak ugrunda alnyp barylýan tagallalardyr.

Öňki çaklamalar bilen deňeşdirilende, dünýäde STG bilen iň uly söwda edýän kompaniýanyň bahasy ýokarlandy, sebäbi köne energiýa çeşmeleriniň deregine ekologiýa taýdan arassa çeşmelere geçýän dünýäde tebigy gaza bolan isleg artýar. Shell kompaniýasynyň STG boýunça marketing we söwda boýunça uly wise-prezidenti Tom Sammersiň sözlerine görä: «Täzelenen çaklamalara görä, dünýäde ösüş we uglerodsyzlaşdyrma maksatlaryna ýetmek üçin elektrik energiýasynyň önümçiligi, ýyladyş we sowadyş, senagat hem-de ulag pudaklarynda ulanylýan gaza has köp zerurlyk dörär» diýip, profinance.ru neşiri habar berýär. 2025-nji ýylda we ondan soňky döwürde, energiýanyň durnuksyz täzelenýän çeşmeleriniň paýynyň ýokarlanmagyny deňagramlaşdyrmak maksady bilen, Ýewropada STG-na bolan islegiň artmagyna garaşylýar.

Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky täze strategiki ugurda energiýa hyzmatdaşlygyna ileri tutulýan ugur hökmünde garalýar. Bu ugurda ilkinji gezek geçirilen ÝB — Merkezi Aziýa sammiti möhüm ähmiýete eýe boldy. Sammitiň öňüsyrasynda, Germaniýanyň Marşall gaznasynyň ýokary derejeli ylmy işgäri Markus Sinner “Euronews” teleýaýlymynyň ýörite gepleşiginde energiýany esasy mesele hökmünde häsiýetlendirdi. Ol nebit we gaz importynyň täze çeşmeleri barada aýdyp: «Türkmenistan, meselem, gazyň esasy üpjün edijileriniň biridir» diýip belledi. Türkmenistan birnäçe gezek «mawy ýangyjyň» Ýewropa ýurtlaryna eksportynyň dürli ugurlary we mümkinçilikleri arkaly Ýewropa bazaryna iberilmäge taýýar bolup durýandygyny nygtady. Bu pikir ýene bir gezek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan «Euronews» teleýaýlymynyň habarçysyna beren eksklýuziw interwýusynda tassyklandy.

Foto: petrodigest.ru

Şeýle hem okaň: