Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistanyň Prezidenti taryhy sergä baryp gördüler

24.04.2025 | 17:50 |
 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistanyň Prezidenti taryhy sergä baryp gördüler

Şu gün, 24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Samarkand şäheriniň halkara syýahatçylyk merkezinde gurnalan “Wagtyň salgymlary” atly sergä baryp gördüler.

Глава Халк Маслахаты Туркменистана и Президент Узбекистана посетили историческую выставку (2).jpg

Myhmanlara bu ýerleşdirilen esasy elementler – gijeki sähralyk, Zodiak alamatlarynyň peýda bolýan ýyldyzly asman, Ulugbekiň ýyldyzly asmanynyň kartasy, meridianlar hödürlendi. Gum depeleriniň üstünden wizual syýahat wagtynda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky kerwenleriň yzyny yzarlaýan ýaly, Wagtyň sagadyny yzarlaýan ýaly, siwilizasiýanyň ösüş taryhynyň esasy wakalary barada beýan edilýär.

Глава Халк Маслахаты Туркменистана и Президент Узбекистана посетили историческую выставку (1).jpg

Şeýle hem özbek we türkmen sazandalarynyň dutar we tambur saz guralynda çalýan sazlaryna beýik şahyrlar Nawoýynyň we Magtymgulynyň goşgularynyň okalýan pursatlary sahnalarda görkezildi.

Innowasion tanydyryşda tehnologik taýdan ýörite öwüşginlere we teatr elementlerine giň orun berlipdir.

ORIENT

Foto: president.uz

Şeýle hem okaň: