Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandy
24.04.2025 | 15:30 |Şu gün Samarkand şäherinde, türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy – “Oliý Daražali Dustlik” ordeniniň (“Ýokary derejeli dostluk”) dabaraly ýagdaýda gowşurylyşy boldy.
Sylagy gowşuryp, Prezident Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygy berkitmekde bitiren ägirt uly hyzmatlaryny aýratyn belledi diýip, Özbegistanyň Baştutanynyň web sahypasynda habar berilýär.
“Ähli ägirt uly üstünlikler, uly göwrümli özgerişler we doganlyk Türkmenistanyň halkara giňişliginde abraýynyň ýokarlanmagy Siziň adyňyz bilen berk baglanyşyklydyr” – diýip, Özbegistanyň Prezidenti nygtady.
Türkmenistanda durnukly ykdysady ösüş gazanylýar we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Şawkat Mirziýoýew, türkmen halkynyň Milli Lideriniň ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna aýratyn ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2025-nji ýyly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip, yglan etmek baradaky teklibiniň giň halkara goldawyna eýe bolandygy bellendi.
Nygtalşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy tagallalary netijesinde häzirki wagtda özbek-türkmen gatnaşyklary iň ýokary derejä çykaryldy. Munuň özi nusgalykdyr.
Parlamentariler, Hökümet, sebitler, işewürler, jemgyýetçilik, intelligensiýalar we biziň ýurtlarymyzyň ýaşlarynyň derejesinde işjeň aragatnaşyklar, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilişini kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýlelik bilen, soňky ýyllarda diňe söwda dolanyşygy birnäçe esse ýokarlandy we 1 milliard dollardan geçdi.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ýokary bahalara mynasyp. Şu nukdaýnazardan, geçen ýyl Aşgabatda we Daşkentde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň özbek dilindäki ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy şeýle hem Aşgabatda geçirilen halkara kinofestiwalynda bilelikdäki özbek-türkmen çeper filminiň premýerasy aýratyn bellenildi.
Bellenilişi ýaly, Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanylmagy, köpmilletli özbek halkynyň Gurbanguly Berdimuhamedowa görnükli döwlet işgäri, türkmen halkynyň Milli Lideri hökmünde tüýs ýürekden hormat goýýandygynyň beýany boldy.
ORIENT