Türkmen kompaniýalary Bakuda geçiriljek halkara sergilerinde harytlaryny görkezerler
07.05.2025 | 11:30 |Türkmenistan 13-16-njy maý aralygynda Bakunyň Ekspo-merkezinde geçiriljek Azerbaýjanyň Caspian Agro 18-nji halkara oba hojalyk sergisine hem-de Azerbaýjanyň InterFood Azerbaijan 30-njy halkara azyk senagaty sergisine gatnaşar. Çärä 30-dan gowrak ýurtdan 450-ä golaý kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar.
Guramaçylaryň habar bermegine görä, Türkmenistan giň gerimli pudaklaýyn forumlaryna gatnaşmagyny tassyklan gatnaşyjy-ýurtlaryň sanyna girdi. Munuň özi ýerli kärhanalara halkara meýdançalarynda öz önümlerini görkezmäge, şeýle hem mümkin bolan hyzmatdaşlar we maýadarlar bilen işewürlik gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Bakunyň sergilerine gatnaşmaklyk türkmen kompaniýalary üçin agrar we azyk senagaty pudaklarda gazananlaryny görkezmäge hem-de daşary ýurtly öndürijileriň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmäge mümkinçilik bolar. Şeýle-de sergä Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Günorta Koreýanyň, Italiýanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we beýlekileriň kompaniýalary gatnaşar.
Caspian Event Organizers kompaniýasynyň wekili Bahruza Hidaýatzadeniň aýtmagyna görä, şu ýyl sergiler gatnaşyjylara we myhmanlara gatnaşyk we hyzmatdaşlygy gurmak üçin has köp mümkinçilikleri berer ýaly, dört günläp dowam eder.
ORIENT news