Iň täze habarlar

Ilham Aliýew Gurbanguly Berdimuhamedowy sapar bilen Azerbaýjana gelmäge çagyrdy

08.05.2025 | 15:30 |
 Ilham Aliýew Gurbanguly Berdimuhamedowy sapar bilen Azerbaýjana gelmäge çagyrdy

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çagyryp türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hat ýollady.

TDH-nyň habar berişi ýaly, öz ýüzlenmesinde Azerbaýjanyň Baştutany “umumy kökleri, şeýle hem ahlak we medeni gymmatlyklary bolan halklaryň isleginden gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň” ýurtlarymyzy birleşdirýändigi barada nygtady.

Ilham Aliýew döwletara gatnaşyklaryň we iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy goşandy barada belledi.

“Siziň öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasatyňyz netijesinde doganlyk Türkmenistanyň ösüşi hem-de halkara abraýynyň barha artmagy guwandyryjydyr” – diýilip, hatda bellenilýär.

Azerbaýjanyň Prezidenti amala aşyryljak saparyň “ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine” ynam bildirdi.

ORIENT news

Foto: turkmenmetbugat.gov.tm

Şeýle hem okaň: