Iň täze habarlar

ÝB ilkinji umumýewropa tapawutlandyryş nyşanyny döreder

08.05.2025 | 22:00 |
 ÝB ilkinji umumýewropa tapawutlandyryş nyşanyny döreder

Ýewropa Parlamenti Şuman Jarnamasynyň gol çekilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli ilkinji resmi Ýewropa ordenini döreder diýip, press.lv Ýewropa Parlamentiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. Ýewropa agzybirliginiň we integrasiýasynyň esasyny goýan bu Şuman Jarnamasyna 1950-nji ýylyň 9-njy maýynda gol çekildi. Ýewropa Bileleşiginiň esasy nyşanlarynyň biri hasaplanýan bu resminamanyň hatyrasyna 9-njy maýda ÝB agza-ýurtlarynda Ýewropa güni bellenilýär.

Fransiýanyň daşary işler ministri Robert Şuman bu jarnama bilen Ýewropa ýurtlaryna ýüzlenip, geçmişdäki gapma-garşylyklara garamazdan, birleşmegi teklip edipdi. Jarnamada beýleki Ýewropa döwletleriniň hem goşulyp biljek açyk gurluş döredilmegi göz öňünde tutulýardy. Şoňa görä-de, Şuman Jarnamasy Ýewropanyň gurulmagynyň başlangyç nokady hökmünde kabul edilýär we ilkinji binýadyny döreden resminama hasaplanýar.

Ýewropa Parlamentiniň müdiriýetiniñ karary bilen, bu wakanyñ 75 ýyllygy mynasybetli ilkinji umumýewropa tapawutlandyryş nyşany dörediler. Bu orden bilen ÝB-niň institutlary her ýyl Ýewropa integrasiýasyny öňe sürýän we Ýewropa gymmatlyklaryny wagyz edýän liderleri sylaglar. Olar “Bitiren hyzmatlary üçin” atly Ýewropa ordeni bilen sylaglanar. Bu baýrak bilen her ýyl 20-e çenli adam sylaglanar. Ilkinji baýraklaryň 2026-njy ýyldan giç galman gowşurylmagyna garaşylýar.

Foto: press.lv

Şeýle hem okaň: