Iň täze habarlar

Azerbaýjanyň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan energiýa konferensiýasy geçirildi

10.05.2025 | 12:05 |
 Azerbaýjanyň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan energiýa konferensiýasy geçirildi

Azerbaýjan halkynyň Milli Lideri Heýdar Alyýewiň doglan gününiň 102 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherinde "Ýdyldyz" myhmanhanasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan "Geýdar Aliýew - Energetika diplomatiýasy: Ýaşyl Dünýä üçin Raýdaşlyk" atly konferensiýa geçirildi. 1

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismat Gozalow konferensiýada eden çykyşynda Geýdar Aliýewiň häzirki Azerbaýjanyň esaslandyryjysy hökmünde ýurduň energitika syýasatynyň esaslaryny kesgitländigini we Azerbaýjanyň dünýä energetika bazaryndaky möhüm ornuny eýelemeginde aýgytly rol oýnandygyny aýtdy. Gismat Gozalow, Geýdar Alyýewiň başlangyjy bilen "Asyr şertnamasyna" gol çekilmegi bilen nebit strategiýasynyň düýbüniň tutulmagy Azerbaýjanyň ykdysady we syýasy kuwwatyny güýçlendirmek üçin hyzmat edendigini ýatlatdy. 2

Onuň sözlerine görä, Geýdar Aliýewiň başlangyjy bilen durmuşa geçirilen Baku-Tbilisi-Jeýhan, Baku-Tbilisi-Erzurum we Baku-Supsa ýaly halkara energetika taslamalary Azerbaýjanyň energetika howpsuzlygyndaky global ähmiýetini artdyrdy we ýurdy ygtybarly hyzmatdaşlyga öwürdi. Şeýle hem, Geýdar Aliýewiň energiýa syýasatynda daşky gurşaw howpsuzlygy we energiýany diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerine berýän ähmiýetiniň bu gün Azerbaýjanyň “ýaşyl energetika” ugrunda ösmegi üçin berk binýady döredendigini aýtdy. 3

COP29 temasyna degip geçen ilçi Gismat Gozalow, Azerbaýjanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça halkara tagallalaryna işjeň goldaw berýändigini aýtdy. Azerbaýjanyň COP29-ny kabul etmegiň 2024-nji ýyldaky iň möhüm wakalardan biridigini aýtdy. Ilçi COP29-da gazanylan üstünlikler we statistiki görkezijiler barada durup geçdi we gatnaşyjylara Azerbaýjanyň ýaşyl energiýa meýilnamasy, Azerbaýjanyň alternatiw energiýa pudagyndaky üstünlikleri we geljegi barada jikme-jik maglumat berdi.

Ilçi, COP29-yň çäginde Azerbaýjanyň öňe sürýän 14 başlangyç, şeýle hem geçirilen çäreler, kabul edilen kararlar we gol çekilen resminamalar, esasanam Bütindünýä Liderleriniň Howa Hereketi Sammitinde ara alnyp maslahatlaşylan ekologiýa, energetika, maliýe, azyk howpsuzlygy we tehnologiýa ýaly meseleler barada maglumat berdi. 4

Gismat Gozalow öz çykyşynda Azerbaýjanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşde global we sebit hyzmatdaşlygyndaky roluny agzap geçip, COP29-yň çarçuwasynda Merkezi Aziýa ýurtlary we Türk Döwletleri Guramasy bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyga ünsi çekdi. Ilçi öz ýurdunyň başlangyjy bilen Azerbaýjan, Gazagystan we Özbegistan arasynda gaýtadan dikeldilýän energetika pudagyndaky gol çekilen strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasyny we Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa arassa energiýa geçiriljek kabel taslamasyna ünsi çekdi.

Şol bir wagtyň özünde, SPECA we CAREC maksatnamalarynyň çarsuwasynda howa we innowasiýa pudagynda täze hyzmatdaşlyk başlangyçlarynyň öňe sürülendigini we Hazar deňziniň daşky gurşaw we ulag bilen baglanyşykly meseleleriň gün tertibinde durýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň 2025-nji ýylda SPECA-nyň egindeş başlygy barada Ilçi Gismat Gozalow durup geçip, bu başlangyçlaryň geljekde has giň hyzmatdaşlyga we üstünlikli netijelere getirjekdigine ynam bildirdi.

Gismat Gozalow, Azerbaýjan we Türkmenistanyň Global Metan Borçnamasyna goşulandygyna ünsi çekip, iki ýurduň hem nebit we tebigy gaza baýdygyna garamazdan, biziň ýurtlarymyzyň metanyň zyňyndy borçnamalaryna ygrarly galýandyklarynyň we howanyň üýtgemegi taslamalaryna goşant goşýandyklarynyň begendirýändigini aýtdy. Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurtda ýaşyl energetika ugrunda möhüm ädimleriň ädilendigini aýratyn belläp geçdi. 5

Konferensiýada Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow , Türkiýäniň ilçisi Ahmet Demirok, Beýik Britaniýa ilçisi Stefan Konlon we Gazagystanyň ilçisi Nurlan Nogaýew, şeýle hem BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-nyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, “Çalyk Enerji” kärhanasynyň wekili Ahmet Anyl Alyşbah çykyş etdiler.

Şol bir wagtyň özünde, konferensiýanyň çäginde Azerbaýjan milli wekili deputaty we ADA uniwersitetiniň prorektory Fariz Ismaýilzadanyňwideo çykyşy hem görkezildi. Çykyş edenler konferensiýanyň ähmiýetine ünsi çekip, energetika pudagyndaky strategiki başlangyçlara, daşky gurşaw howpsuzlygy we ýaşyl ykdysadyýet ýörelgelerine ünsi çekdiler we sebitde we dünýä derejesinde energetika hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini, şeýle hem bu ugurda geljekdäki ösüş perspektiwalaryny bellediler.

Konferensiýanyň dowamynda Azerbaýjanyň alternatiw energetika pudagyndaky durmuşa geçirilen taslamalary, şeýle hem COP29-da gazanylan üstünlikler barada wideolar görkezildi.

Çärede resmi öýlän naharynyň dowamynda, Azerbaýjan, dünýä we Türkmen aýdym-sazlarynyň nusgalary ýerine ýetirildi. Konferensiýa Türkmenistanda akkreditlenen ilçiler, halkara guramalarynyň wekilleri we işgärleri, şeýle hem energetika kärhanalary we metbugat wekilleri gatnaşdylar.

ORIENT

Foto: ashgabat.mfa.gov.az

Şeýle hem okaň: