Hytaý we Russiýa ýokary tehnologiýa harytlaryň söwda dolanyşygyny işjeňleşdirýär
09.05.2025 | 12:15 |2024-nji ýylyň netijeleri boýunça Hytaý Russiýanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň arasynda ýokary tehnologiýa harytlaryň söwda dolanyşygy boýunça öňdebaryjylygy eýeleýär. Pekin we Moskwa ylym we innowasiýalar babatda hyzmatdaşlyk alyp barmak barada ylalaşdylar. Bu barada ikitaraplaýyn ähtnamalaryň birinde aýdylýar.
Rus paýtagtynyň we Hytaýyň ýokary tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy çalt depginde ösdürilýär. Moskwanyň hökümetiniň berýän maglumatlaryna laýyklykda, şäheriň HHR bilen innowasion önümler babatda söwda dolanyşygy bütin möçberiň 48 % düzýär. Ösüşi – 11 %-den köpräk.
Rus paýtagtynyň senagatçylary Hytaýyň bazarlaryny awiasiýa senagaty üçin hereketlendirijiler, gurallar, enjamlar ýaly ýokary tehnologiýa önümleri, şeýle hem optika ýaly dürli ýokary tehnologiýa pudagynyň harytlary bilen üpjün edýärler.
Rus hünärmenleri hytaý robototehnikasynyň ýokary ösüş derejesi barada belleýärler. Hem-de şu günki gün Moskwada ornaşdyrylýan käbir innowasion pikirler bilen hut hytaý kärdeşleriň paýlaşandygyny aç-açan aýdýarlar. Şeýle özara gatnaşyklar dowam etdiriler. Nobatdaky “Moskwanyň innowasion klasteri” gaznasynyň we Pekiniň ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy merkeziniň arasyndaky gol çekilen ähtnama bolsa muňa şaýatlyk edýär.
“Moskwanyň innowasion klasteri” gaznasynyň baş direktorynyň orunbasary Aleksandr Ulanow:
- Ähtnamany durmuşa geçirmek çygrynda biz Hytaý we Moskwa ekoulgamlarynyň arasynda tejribe alyşmak, Hytaýda biziň tehnologiýalarymyzy, bizde bolsa hytaý tehnologiýalaryny ornaşdyrmak mümkinçiligi üçin köpri gurduk. Bu bolsa möhüm ösüşe elter hem-de gatnaşyklarymyzyň we iki ýurtda robototehnika babatda ösüşi üçin itergi bolar.
Iki ýurduň özara söwda dolanyşygynyň gurluşynda ýokary tehnologiýalar has möhüm orun eýeleýärler.
Rus hökümetiniň maglumatlaryna laýyklykda, 2024-nji ýylda Hytaý Russiýanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň arasynda ýokary tehnologiýa harytlaryň söwda dolanyşygy boýunça öňdebaryjylygy eýeledi. Umumy möçber boýunça onuň paýy takymanan ýarsyna ýetdi. Tutuş ýyl boýunça bolsa innowasion ulgamy babatda özara söwdasy takmynan 6 % ýokarlandy. Derňew geçirýän hünärmenleriň çaklamalaryna görä, bu sanlar ösmegi dowam eder.
ORIENT