Iň täze habarlar

Söwda, dokma we işewürlikdäki ösüş: Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudagynynyň depgini

08.05.2025 | 23:55 |
 Söwda, dokma we işewürlikdäki ösüş: Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudagynynyň depgini

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda söwda, senagat we telekeçilik pudaklarynda esasy görkezijilerde ösüş hasaba alyndy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Hökümet mejlisinde habar berdi.

Berlen maglumatlara görä Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 23,6%-e, öndürilen önümleriň ösüş depgini 0,6%-e barabar boldy.

Dokma senagaty ýokary ösüş depginini görkezýär. Nah ýüplügiň önümçiligi – 38,2%, nah matalaryňky – 48%, gön önümleriniňki – 31%, Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini bolsa 112,8% üpjün edildi.

Durnukly ösüş hususy pudagyň işinde hem hasaba alyndy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi 12,5%, senagat önümleriniň öndürilişi 4,5% ýokarlandy.

Beýan edilen görkezijiler ýurduň ykdysadyýetinde içerki önümçiligiň okgunly ösýändigini, eksport mümkinçilikleriniň pugtalandyrylýandygyny we işewürligiň işjeňliginiň artýandygyny görkezýär.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: