Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk pudagy ýokary görkezijileri gazanýar
09.05.2025 | 00:17 |Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk toplumy çalt depginde ösmegini dowam etdirýär. 2025-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň netijelerine görä, pudakda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 116,6%-e deň boldy. Bu barada penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew habar berdi.
Iň ýokary görkezijileri “Türkmenhowaýollary” agentliginiň işinde bellige alyndy – bu ýerde ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 123,9%-deň boldy. Onuň yzy bilen “Türkmenaragatnaşyk” agentligi barýar – 121,2%, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi – 110,6%, “Türkmenhowaýollary” agentligi – 110,1%, şeýle hem “Türkmendemirýollary” agentligi – 106,8%.
Umuman toplum boýunça ulaglaryň dürli görnüşleri arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 103,7%, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 102,3%, ýerine ýetirildi.
Berlen maglumatlar ykjamlygy, logistika mümkinçiliklerini we ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen häzirki zaman infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak we sanlaşdyrmak syýasatynyň netijeliligini tassyklaýar.
ORIENT