TDHÇMB-de söwdalaşyklar: suwuklandyrylan gaz we nah ýüplügi satyn alyndy
09.05.2025 | 18:15 |8-nji maýda, penşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa hem-de ýeňil senagat önümleri ýerlenildi.
Owganystanly telekeçiler “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça şertnama baglaşdylar.
Gyrgyzystanly telekeçiler bolsa türkmenistanly işewürler toparlarynyñ wekillerinden nah ýüplügini satyn aldylar.
Türkmenistanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly ýol bitumyny hem-de Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügini satyn aldylar.
Geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde jemi 6 şertnama baglaşylyp, umumy bahasy 20 488 000,00 manat we 510 880,00 ABŞ dollaryna deň boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.
ORIENT