TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “BND 60/90” kysymly ýol bitumy we “KO-20” kysymly ýagtylandyryjy kerosin satyldy
10.05.2025 | 20:19 |10-njy maýda, şenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda nebit-himiýa önümleri ýerlenildi.
Türkiýeniñ we BAE-niñ telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “BND 60/90” kysymly ýol bitumyny we “KO-20” kysymly ýagtylandyryjy kerosini satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.
Türkmen telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly ýol bitumyny satyn aldylar. Söwdalaşyklaryñ dowamynda umumy bahasy 750 000,00 manada we 3 417 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT