Iň täze habarlar

Aktauda TurkicSkills-2025 hünär ussatlygy boýunça ilkinji çempionat geçiriler

09.05.2025 | 19:40 |
 Aktauda TurkicSkills-2025 hünär ussatlygy boýunça ilkinji çempionat geçiriler

16 ýaşyndan 22 ýaş aralygyndaky 100-den gowrak ýaş hünärmenler hem-de sekiz ýurtdan – Gazagystan, Türkiýe, Azerbaýjan, Wengriýa, Özbegistan, Gyrgyzystan, Türkmenistan we Mongoliýa – 80 sany ýokary derejeli bilermenler türki dünýäsiniñ medeni paýtagty Aktauda geçjek türki dilli ýurtlaryň arasynda hünär ussatlygy boýunça ilkinji çempionat bolan TurkicSkills-2025-e gatnaşar. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Bilim ministrligi 9-njy maýda öz saýtynda habar berdi.

Şu ýylyň güýzünde geçirilmegi meýilleşdirilýän bu çäre Gazagystanyň Prezidentiniň yglan eden Zähmet hünärleriniň ýylynyň çäginde guralýar. Berlen maglumata görä, bu giň gerimli başlangyç zähmet hünärleriniň abraýyny ýokarlandyrmaga, hünär taýdan hyzmatdaşlyk giňişligini döretmäge we türki dilli ýurtlaryň ýaş hünärmenleriniň arasynda tejribe alyş-çalyşyny höweslendirmäge gönükdirilendir.

Çempionat ýaşlaryň mümkinçiliklerini açyp görkezmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny öňe sürmek we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenleriñ täze neslini taýýarlamak üçin möhüm meýdança bolar. Bäsleşikler maglumat tehnologiýalary, gurluşyk we gurluşyk tehnologiýalary, önümçilik we inženerçilik tehnologiýalary, durmuş we şahsy hyzmatlar ýaly 15 esasy ugur boýunça geçiriler. Ykjam robototehnika we uçarmansyz uçarlary dolandyrmak ýaly geljegi uly bolan ugurlara aýratyn üns berler.

Foto: Gazagystan Respublikasynyň Bilim ministrligi

Şeýle hem okaň: