Iň täze habarlar

Türkmenistan bilen Owganystan bilelikdäki paýdarlar jemgyýetlerini döretmegiň geljegine seredýärler

11.05.2025 | 19:30 |
 Türkmenistan bilen Owganystan bilelikdäki paýdarlar jemgyýetlerini döretmegiň geljegine seredýärler

Türkmenistan bilen Owganystan bilelikdäki paýdarlar jemgyýetlerini döretmegiň geljegine seredýärler. Bu tema Owganystanyň Hyrat welaýatynyň wekiliýeti bilen Mary welaýatynyň işewürleriniň we senagatçylarynyň arasynda geçirilen gepleşiklerde esasy temalaryň biri boldy.

Hyrat welaýatynyň häkimi Noruddin Ahmad Islam Jaryň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýetiniň Mary şäherine amala aşyran saparynyň netijeleri barada 10-njy maýda “Bakhtar News” agentligi tarapyndan habar berildi.

Saparyň dowamynda häkim Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylyklary we Mary welaýatynyň hususy pudagynyň köp sanly wekilleri bilen duşuşdy. Ara alyp maslahatlaşmalar ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, tehniki tejribe alyşmak we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek meselesine gönükdirildi diýip, owgan habarlar agentliginiň maglumatynda aýdylýar.

uthfn.jpg

Hyratdan gelen wekiliýet 2025-nji ýylyň 6-njy maýynda Mary welaýatynyň senagat kärhanalaryna baryp gördiler

Ozal ORIENT-iň habar berşi ýaly, 5-8-nji maý aralygynda Mary welaýatynda goňşy Owganystanyň Hyrat welaýatyndan myhmanlar – döwlet edaralarynyň we hususy kompaniýalaryň onlarça wekilini öz içine alýan uly wekiliýet kabul etdildi.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: