Iň täze habarlar

Eýran Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga sebitleýin gaz bazaryna çykalga hökmünde garaýar

09.05.2025 | 16:50 |
 Eýran Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga sebitleýin gaz bazaryna çykalga hökmünde garaýar

Eýranyñ Milli gaz kompaniýasy daşary ýurt maýasyny çekmek we goňşy ýurtlar bilen energetika gatnaşyklaryny giňeltmek ugrunda tagallalaryny güýçlendirýär. Ýokary wezipeli işgäriñ aýtmagyna görä, Türkmenistan bilen has ýakyn hyzmatdaşlyk sebitleýin gaz söwdasyna ýol açyp biler.

Tähranda geçirilen 29-njy Eýranyñ halkara nebit, gaz, gaýtadan işleýiş we nebit-himiýa sergisiniň çäginde çykyş eden Eýranyñ Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) ýolbaşçysy Said Tawakoli ýurduň uzak möhletleýin şertnamalara we goňşy döwletler, aýratyn-da Türkmenistan bilen has çuň hyzmatdaşlyga ymtylýandygyny aýtdy.

"Prezidentiň we nebit ministriniň sebitleýin berk gatnaşyklaryna üns bermegi gepleşikler we özara hyzmatdaşlyk arkaly anyk netijelere ýetmek islegimizi görkezýär" - diýip, Tawakoli Eýrandaky Türkmenistanyň ilçisi Ilýas Gaýypow bilen duşuşygyndan soň aýtdy.

Tawakoliniň bellemegine görä, Aşgabat bilen energetika gatnaşyklarynyñ gurulmagy dürli ugurlarda giň hyzmatdaşlygyň esasyny döredip biler. "Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gaz hyzmatdaşlygy sebitleýin gaz söwdasynyň başlangyjy bolup durýar we biz onuň dowam etdirilmegine hem-de giňeldilmegine umyt baglaýarys" - diýip, ol belledi.

Şeýle hem, ol gaz alyş-çalyş şertnamalarynyň eýýäm durmuşa geçirilýändigini belläp, Eýranyň ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Sarahs serhet nokadyndan tebigy gaz kabul etmäge taýýar bolandygyny aýtdy diýip, Tehran Times anna güni habar berdi.

ORIENT

Foto: tehrantimes.com

Şeýle hem okaň: