Moskwada Hazar deňzi meseleleri boýunça Iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
09.05.2025 | 15:00 |2025-nji ýylyň 5-7-nji maýy aralygynda Moskwada Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň (ÝDIT) onunjy mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyñ, Azerbaýjanyñ, Eýranyñ, Gazagystanyñ we mejlise ýolbaşçylyk eden Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetleri gatnaşdy.
Duşuşykda Hazar deňzinde göni başlangyç çyzyklaryny kesgitlemegiň usullary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiñ çäklerinde taraplar Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygyna syn berdiler we daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna taýýarlyk meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplaryñ wekilleri gepleşikleriň netijelerini oňyn bahalandyrdylar hem-de ýokary derejede guralandygy üçin Russiýa Federasiýasyna minnetdarlyk bildirdiler. ÝDIT-iñ indiki mejlisi diplomatik ýollar arkaly ylalaşylyp, Türkmenistanda geçiriler diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
ORIENT