Iň täze habarlar

Mary welaýatynda “Konstitusiýa we Döwlet baýdagy – mizemez mukaddeslikler” atly maslahat geçirdi

12.05.2025 | 20:15 |
 Mary welaýatynda “Konstitusiýa we Döwlet baýdagy – mizemez mukaddeslikler” atly maslahat geçirdi

2025-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Mary welaýat kazyýeti bilen bilelikde “Konstitusiýa we Döwlet baýdagy – mizemez mukaddeslikler” atly dabaraly maslahaty geçirdi. Bu çäre Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlandy.

Maslahata kazyýet wekilleri, institutyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Onda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň ähmiýeti, bitaraplygyň üstünlikleri, onuň miweleri hem-de şu ýylyň nyşanynyň manysy barada çykyşlar edildi. “Kuwwat” atly talyp aýdym-saz topary Watany, türkmen halkynyñ Milli Liderini, hormatly Prezidentimizi wasp edýän watançylyk aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Çäräniň soňunda gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredilýän mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirdiler.

ORIENT

Foto: tdei.edu.tm

Şeýle hem okaň: