“Talyp joşguny–2025” atly talyp döredijilik festiwaly geçirildi
13.05.2025 | 13:02 |2025-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Talyp joşguny–2025” atly talyp döredijilik festiwalynyň institut tapgyry geçirildi.
Bu çäre Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryna laýyklykda guraldy.
Festiwal Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, şu maksatlara gönükdirildi:
-
Türkmenistanyň 2025-nji ýyldaky üstünlikleriniň wasp edilmegi.
-
Talyp ýaşlaryň milli medeniýetimize bolan düşünjeleriniň has-da çuňlaşdyrylmagy.
-
Talyp ýaşlaryň aýdym-saz hem-de tans boýunça zehinleriniň ýüze çykarylmagy we görkezilmegi.
Festiwalyň çäklerinde institutyň “Kuwwat” döredijilik topary çykyş etdi. Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredilen giň mümkinçilikler üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler.
ORIENT