Iň täze habarlar

Digital Uzbekistan 2025 Merkezi Aziýa we ÝYB ýurtlarynyň bazarlarynyň wekillerini jemlär

12.05.2025 | 19:35 |
 Digital Uzbekistan 2025 Merkezi Aziýa we ÝYB ýurtlarynyň bazarlarynyň wekillerini jemlär

2025-nji ýylyň 28-29-njy maýynda Daşkent şäherinde, Özbegistan Respublikasynyň Geljegi uly taslamalar boýunça Milli agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan goldanýan halkara PLUS-Forum Digital Uzbekistan 2025 çäresi geçiriler. Bu çäre Merkezi Aziýadaky iň uly forumlaryň biri bolup, Merkezi Aziýa hem-de ÝYB ýurtlarynyň bazarlarynyň esasy wekillerini bir ýere jemlär. Foruma maliýe tehnologiýa kompaniýalary we startaplar, IT-parklar, akseleratorlar, işewürlik-perişdeler, bank we töleg ulgamy boýunça dünýä belli bilermenler, riteýl-ulgamlaryñ, elektron söwda, lomaý söwda kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, gözleg agentlikleri, konsalting kompaniýalary, halkara bank jemgyýeti, şol sanda Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň bazar wekilleri, ätiýaçlandyryş we logistika kompaniýalary gatnaşar.

PLUS-Forum Digital Uzbekistan döwlet edaralarynyň, bank pudagynyň we söwda ulgamlarynyň özara gatnaşyklary baradaky möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlanar. Onuň strategik maksatlarynyň biri — Özbegistanyň ykdysady ösüşine täze itergi bermek, bank we maliýe tehnologiýalary boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ilerletmek, şeýle hem täze, şol sanda halkara taslamalary durmuşa geçirmekdir. Forum onlaýn we offlaýn riteýl söwdasynyň ösdürilmegine we onuň täsirli özgertmelerine hem ýardam eder.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, Digital Uzbekistan 2025 forumynyň gatnaşýanlary şu möhüm temalary ara alyp maslahatlaşarlar: Sanlylaşdyrmak — döwletiň we bank ulgamynyň ählumumy ugry; GovTech, döwlet dolandyryşynda elektron hyzmatlar we G2B2C; Maliýe tehnologiýalary; Emeli añ; Blokçeýn we akylly şertnamalar; Kripto senagaty 2025; Open Banking и Open API; Cybersecurity; Yslam maliýe ulgamy; Elektron söwda (e-Commerce); Logistika we ýerine ýetiriş hyzmatlary (fulfillment); Tehnologiýada zenan ýolbaşçylar (Women CEO in Tech); Mikrokarz bermekde durnukly ösüş; HR we beýleki temalar.

Foto: bluescreen.kz

Şeýle hem okaň: