Iň täze habarlar

Alty ýurduň demir ýol edaralary Türkmenistanyň üsti bilen geçýän üstaşyr geçelgesini ösdürmek boýunça ylalaşdylar

12.05.2025 | 22:25 |
 Alty ýurduň demir ýol edaralary Türkmenistanyň üsti bilen geçýän üstaşyr geçelgesini ösdürmek boýunça ylalaşdylar

Tähranda Eýranyñ, Gazagystanyñ, Hytaýyñ, Türkmenistanyñ, Türkiýäniñ we Özbegistanyň demir ýol dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda altytaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Bu çäre Hytaý – Gazagystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe/Ýewropa ugrunda netijeli ulag geçelgesiniň emele getirilmegi boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ädim boldy.

Duşuşygyň çäklerinde bu ugur boýunça konteýner daşamalaryny işjeňleşdirmek boýunça bilelikdäki hereketler barada ylalaşyga gelindi. Taraplar bäsdeşlige ukyply nyrh şertlerini tassykladylar we otlularyň hereketini gurnaýyş boýunça esasy ölçegleri, şol sanda tutuş ugur boýunça ýük daşamagyň umumy wagtynyň saklanylmagy barada ylalaşdylar. Şeýle hem, halkara daşamalar bazarynda bu geçelgäniň öňe sürülmegine giň goldaw bermäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Tährandaky gepleşikler gatnaşyjy-ýurtlaryň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda we olaryň üstaşyr mümkinçiliginiň artdyrylmagynda möhüm ädim boldy.

ORIENT

Foto: rail-news.kz

Şeýle hem okaň: