Ermenistan Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň arasyndaky ýol boýunça Aşgabat ylalaşygyna goşular
12.05.2025 | 23:05 |Ermenistanyň hökümeti ýurduň Aşgabat ylalaşygyna goşulmak baradaky kanunçylyk başlangyjyny makullady diýip, TASS habar berýär. Bu ylalaşyk ozal Türkmenistan, Özbegistan, Oman, Katar we Eýran tarapyndan baglaşylypdy. Ilkibaşda ylalaşyk Merkezi Aziýa bilen Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasynda üznüksiz gury ýer aragatnaşygyny üpjün etmek maksady bilen döredilipdi. Ermenistan üçin bu ulag geçelgesine goşulmak deňze çykmagyň ýönekeýleşdirilen ýoluny hem aňladýar.
«Aşgabat ylalaşygyna goşulmak agza döwletleriň çäginden ýükleriň we ýolagçylaryň daşalmagy üçin ygtybarly şertleriň döredilmegine, multimodal daşamalaryň ýönekeýleşdirilmegine, ulag çykdajylarynyň azaltmagyna, ýurduň üstaşyr ähmiýetiniň ýokarlanmagyna, daşamalaryň howpsuzlygynyň ýokarlanmagyna hem-de agza ýurtlaryň ulag guramalary üçin deň şertleriň döredilmegine ýardam eder» - diýlip, kanunçylyk başlangyjynyň düşündiriş ýazgysynda aýdylýar.
«Başlangyç Ermenistanyň halkara bazarlaryna çykmagyny, halkara daşamalar üçin geçelge boýunça ulag resminamalarynyň utgaşdyrylmagyny, gümrük teetibiniñ ýönekeýleşdirilmegini we agza ýurtlaryň ulag infrastrukturasyndan kemsiz peýdalanmagyny hem üpjün eder» - diýlip, resminamada nygtalýar.
Şeýle-de bolsa, başlangyçdan öň, Aşgabat ylalaşygyna goşulmak baradaky taslama Ermenistanyň Konstitusiýa kazyýetine hödürlenmeli. Ylalaşygyñ Konstitusiýa laýyk gelýändigi tassyk bolanda, resminama parlamentiň garamagyna berler.
Aşgabat ylalaşygy 2011-nji ýylyň ýazynda Türkmenistan, Özbegistan, Oman, Katar we Eýran tarapyndan baglaşylypdy. Onuň maksady Merkezi Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň arasynda üznüksiz gury ýer halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmekdi.
Soňlugy bilen, bu ylalaşyga Pakistan, Gazagystan we Hindistan hem goşuldy. Geçen ýylyň awgustynda bolsa, Gyrgyzystanyň Hökümeti hem bu ulag geçelgesine goşulmak baradaky karary makullady.
ORIENT