Türkmenistan çagalar barada maglumat ýygnamak boýunça döwrebap çemeleşmä geçýär
14.05.2025 | 12:30 |Türkmenistan çagalar barada maglumatlary ýygnamak we olardan peýdalanmak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ulgamlaýyn işleri alyp barýar. Çagalaryň ýagdaýy boýunça görkezijileri öz içine alýan soňky köp görkezijili Klaster gözleginiň (MICS7) netijeleri bilen tanyşdyrylandan soň, ýurt çagalar we maşgalalar baradaky maglumat ýygnamak ulgamyny ösdürmekde nobatdaky ädimi ätdi. 2025-nji ýylyň 5-9-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň Statistika baradaky Döwlet komiteti hem-de UNICEF bilen hyzmatdaşlykda MICS Plus maglumat ýygnamak boýunça hünärmenler üçin okuw sapaklaryny üstünlikli geçirdi. Bu gözleg 2025-nji ýylyň maý-iýun aýlarynda geçiriler.
UNICEF-niň Türkmenistandaky wekiliýetiniň metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, MICS Plus — UNICEF tarapyndan adaty MICS gözlegleriniň esasynda işlenip düzülen ýokary ýygylykda geçirilýän öý gözleg platformasydyr. Adaty MICS-den tapawutlylykda, MICS Plus ykjam aragatnaşyk arkaly geçirilýär, bu bolsa dürli ugurlar boýunça ýagdaýyň tiz we az çykdajy bilen yzarlanmagyna mümkinçilik berýär we hökümetlere çalt üýtgeýän dünýäde esasly kararlary kabul etmäge kömek edýär.
Türkmenistan dünýäde MICS Plus gözlegini amala aşyrmaga girişen ilkinji ýurtlaryň biri bolup, bu ýerde sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem-de çagalar we maşgalalaryň ýagdaýy barada yzygiderli we ygtybarly maglumatlaryň alynmagy üçin milli statistik ulgamyň güýçlendirilmegine üns berilýändigini görkezdi. Bäş günlük okuw Türkmenistanyň Statistika baradaky Döwlet komitetiniň Ilat bölümi tarapyndan UNICEF-niň Maglumat we seljerme bölüminiň statistika we monitoringi boýunça hünärmeni Týatýana Karaulasyň tehniki goldawynda geçirildi.
Okuwa gatnaşanlar MICS Plus usulyýeti bilen işlemekde, şol sanda sanly gurallar arkaly soragnamalary geçirmegi, bilim, öý hojalyklary baradaky maglumatlar, elektrik energiýasyna elýeterlilik, suw üpjünçiligi we arassaçylyk, şeýle hem ýaşaýyş serişdeleri boýunça bölümleri öz içine alýan tejribe gazandylar. Esasy üns panel soragnamalar boýunça usullara, şol sanda jaň etmek algoritmlerine berildi. Bu usullar maglumatlaryň hilini we jogap derejesini ýokarlandyrmaga kömek edýär.
Týatýana Karaulasyň bellemegine görä, MICS Plus diňe bir tehniki gural bolman, eýsem maglumat esasynda dolandyryşa ygrarlylygyň görkezijisidir. Bu, Türkmenistan ýaly ýurtlara çagalaryň we maşgalalaryň ýagdaýyny hakyky wagt tertibinde yzarlamaga hem-de syýasaty döwrebap meseleleriň esasynda uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Statistika baradaky Döwlet komiteti bu döwrebap çemeleşmäni ornaşdyrmak arkaly öz öñdebaryjylygyny görkezýär.
Statistika baradaky döwlet komiteti we UNICEF saýlanan öý hojalyklaryny telefon arkaly geçiriljek soragnama işjeň gatnaşmaga çagyrýarlar. Bu gözleg Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda çaganyň hukuklary babatda maglumat ýygnamak we subutnamalar döretmek boýunça milli mümkinçilikleri güýçlendirmek” taslamasynyň çäginde geçirilýär. Milli mümkinçilikleriň ygtybarly maglumatlary ýygnamak we peýdalanmak babatda güýçlendirilmegi bilen, taslama Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we çaganyň hukuklaryny öňe sürmek boýunça edýän tagallalaryny goldaýar diýip, metbugat beýanatynda bellenilýär.
ORIENT