Iň täze habarlar

Türkmenistan we Germaniýa: «MA5+1» formatyndaky ylmy hyzmatdaşlyk

15.05.2025 | 11:30 |
 Türkmenistan we Germaniýa: «MA5+1» formatyndaky ylmy hyzmatdaşlyk

Almaty şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen Germaniýanyň kansleri Olaf Şolsyň başlangyjy bilen 2024-nji ýylda ýola goýlan «Z+1» formatyndaky möhüm tegelek stol duşuşygy geçirildi. Germaniýanyň Bilim we ylmy barlaglar boýunça federal ministrligi tarapyndan gurnalan bu duşuşyk, sebitleýin ýurtlar bilen Germaniýanyň arasynda ylmy-tehniki we bilim hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança boldy.

Türkmenistandan bu çärä Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň eksperti, ykdysady ylymlaryň kandidaty G. Akynýazowa hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy M. Bugraýew gatnaşdy. Tegelek stolyñ barşynda wekiller bilelikdäki ylmy-barlag taslamalarynyň geljegine, özara gyzyklanma döredýän esasy ugurlary kesgitlemäge hem-de ylym we bilim ulgamyndaky integrasiýany we işjeň hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge gönükdirilen çäreleri ara alyp maslahatlaşmaga üns berdiler. Gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň geljekki gurallary barada hem maslahatlaşdylar we bu ugurdaky mümkin bolan kynçylyklar boýunça pikir alyşdylar.

Türkmen wekiliýeti Germaniýa bilen geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde wodorod energetikasy, biotehnologiýalar, daşky gurşawy goramak, lukmançylyk, farmasewtika we saglygy goraýyş ulgamlaryny kesgitlediler. Türkmenistan tarapyndan Germaniýa bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşlerde ylmy-barlag hyzmatdaşlygyny institusional taýdan ýola goýmagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy. Türkmen wekilleri anyk netijelere gönükdirilen ylmy startaplary durmuşa geçirmegiň, bilelikdäki barlaglaryñ alnyp barylmagynyň we olaryň netijeleri bilen alyşmagyň möhümdigini belläp geçdiler. Türkmen tarapynyň pikirine görä, Merkezi Aziýa bilen Germaniýanyň alymlarynyň innowasiýalaryny öňe sürmekde işewürligiň orny aýratyn möhüm bolup durýar. Sebäbi işewürligiñ serişdeleri taslamalary durmuşa geçirmek bilen bir hatarda, ylym bilen önümçiligiň arasyndaky baglanyşygy hem berkitmäge ukyplydyr.

Duşuşygyň netijesi hökmünde gatnaşyjylar durnukly ösüşi gazanmak üçin hakyky ykdysadyýet bilen gönüden baglanyşykly bolan bilelikdäki amaly we düýpli barlaglary güýçlendirmegiň, şeýle hem sebitiň adam maýasynyñ hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýän işleriň wajypdygy babatda umumy pikir birligini görkezdiler.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: