Merkezi Aziýada howanyň sesi: Metbugatyň sebit dialogyndaky tutýan orny – kyn zady ýönekeý görnüşde nädip ýetirmeli?
15.05.2025 | 14:50 |Aşgabat, 15-nji maý | ORIENT. Aşgabatda geçirilen Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahatynda (CACCC-2025), sebitdäki howa dialogynda metbugatyň möhüm we barha artýan orny baradaky esasy habar aýratyn bellendi we nygtaldy. Forumyň netijelerini jemlemek dabarasynda çykyş etmäge çagyrylan “Media Türkmen” habarlar agentliginiň direktory, ORIENT web sahypasynyň Baş redaktory Bekdurdy Amansaryýew öz çykyşynda Merkezi Aziýanyň žurnalistik jemgyýetiniň ylmyň, syýasatyň we jemgyýetiň arasynda köpri bolup bu dialoga işjeň hem-de doly gatnaşyjy bolmaga we çylşyrymly howa meselelerini giň köpçüligine ýetirmäge taýýardygyny aýtdy.
“CAREC”-iň howasynyň üýtgemegi boýunça sebitleýin hünärmeni Wladimir Grebnewiň moderatorlyk etmeginde geçirilen jemleýji sessiýa netijeleri jemlemek üçin Türkmenistan Hökümetiniň (Daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow), Bütindünýä bankynyň (daşky gurşaw boýunça sebitleýin dolandyryjysy Sanjaý Şriwastawa), GIZ (Sebitleýin maksatnamasynyň direktory Sergeý Makarow) we raýat jemgyýetiniň (Raýat jemgyýeti guramalarynyň sebit howa ulgamynyň utgaşdyryjy Swetlana Mogilýuk) wekilleri bir ýere jemledi we maslahatyň netijeleri barada pikir alyşmak we indiki ädimleri kesgitlemek üçin meýdançany üpjün etdi.
Bekdurdy Amansaryýew žurnalistik jemgyýetiň Merkezi Aziýada howanyň gün tertibiniň netijeleri we maksatlary baradaky pikirini beýan edip, CACCC-2025-iň bir bölegi bolmak özi we sebit ýurtlaryndaky kärdeşleri üçin uly hormat we aýratyn jogapkärçilikdigini belledi. Ol şeýle möhüm forumyň netijelerini jemlemäge gatnaşmak mümkinçiligi üçin guramaçylara minnetdarlyk bildirdi.
Maslahatyň dowamynda žurnalistler diňe bir diňleýji ýa-da daşyndan synçy däldi. Olar Merkezi Aziýanyň we tutuş planetanyň geljegi bilen baglanyşykly iň çylşyrymly maglumatlara düşünmäge, täzeden pikirlenmäge we soňundan habar bermäge synanyşýardylar. Forumyň dowamynda köp sanly sanlar, çaklamalar we meýilnamalar aýdyldy; NDC 3.0-iň çäginde milli strategiýalaryň we öňde goýlan maksatlaryň üstünlikleri görkezildi; Howanyň maliýeleşdirilmeginiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilermenleriň, alymlaryň, syýasatçylaryň, halkara guramalarynyň we raýat jemgyýetiniň wekilleriniň pikirleri diňlenildi hem-de hersi öz tejribelerini, bildirýän aladalaryny we umytlaryny paýlaşdy.
Metbugatyň görenleri we eşidenleri barada gürrüň berip, Amansaryýew munuň diňe bir sessiýalaryň yzygiderliligi bolman, eýsem sebit dialogynyň janly urgusydygyny, käte aňsat däl, ýöne gaty zerurdygyny mälim etdi. Ol resmi beýanatlaryň aňyrsynda žurnalistleriň sebitdäki ýurtlaryň gündelik ýüzbe-ýüz bolýan hakyky meseleleriniň gaýtalanýandygyny görýändigini aýtdy: Aral deňziniň guramagynyň netijeleri, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak, çölleşmäge garşy göreş, buzluklaryň eremegi we şuňa meňzeş çagyryşlar.ş
Žurnalistler üçin howanyň gün tertibi – bu howaýy däl. Bular möhüm gidrotehniki taslamalaryň ýerine ýetirilişi, daýhanlaryň täze usullary özleşdirmegi, howanyň we suwuň ýagdaýy bardaky seljermesi we olaryň adamyň saglygyna edýän täsiri baradaky anyk reportažlardyr. Netijede, howanyň üýtgemeginiň adam tarapyny görkezmäge synanyşykdyr.
Howanyň işinde metbugatyň esasy orny onuň köpri funksiýasydyr:
Ylym bilen jemgyýetiň arasynda – çylşyrymly maglumatlary we çaklamalary düşnükli dile terjime etmek.
Syýasat bilen raýatlaryň arasynda, ýagny milli strategiýalaryň we halkara borçnamalaryň manysyny (Pariž ylalaşygy, Ählumumy metan borçnamasy) we olaryň gündelik durmuşa edýän täsirini düşündirmek.
Ählumumy we ýerli – halkara derejesinde (Bonna, Parižde) ýa-da bu ýerde Aşgabatda kabul edilen kararlaryň Merkezi Aziýanyň belli bir obasynyň ýa-da şäheriniň ykbalyna nähili täsir etýändigini görkezmekdir.
Aýratyn-da, Merkezi Aziýa sebitinde metbugatyň howa dialogynda tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýe bolandygy, bu ýerdäki çagyryşlar has ýiti we netijeleri serhetara bolup, sebitara hyzmatdaşlygy talap edýär.
Merkezi Aziýanyň žurnalistik jemgyýeti, ORIENT-iň ýolbaşçysynyň aýdyşy ýaly, bu hyzmatdaşlygyň zerurlygyny we mümkinçiligini görýär. Metbugatyň wezipesi diňe bir maslahatlar barada gürrüň bermän, eýsem bu temalara yzygiderli gaýdyp gelmek, gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek we bilermenlere, alymlara we telekeçilere söz bermekden ybarat.
Munuň üçin žurnalistleriň özlerine çuňňur bilimler, häzirki zaman we ygtybarly maglumatlar, ylmy we bilermenler jemgyýeti bilen gepleşiklere gatnaşmak islegi gerek. Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty-2025 ýaly forumlar bahasyna ýetip bolmajak bilim çeşmeleri, aragatnaşyklar we täze temalardyr.
Çykyşynyň ahyrynda böleginde Amansaryýew maslahata gatnaşyjylaryň möhüm çözgünleri kabul edendiklerine we olary durmuşa geçirmegiň usullaryna garamazdan, halka habar bermek boýunça işiniň indi başlanýandygyny aýtdy. Indi metbugatyň wezipesi – bu pikirleriň we meýilnamalaryň Merkezi Aziýanyň her bir ýaşaýjysylary tarapyndan eşidilmegini, düşünilmegini we goldanylmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Howanyň gün tertibini uzyn bir ýol mysalynda göz öňüne getirip, Amansaryýew Merkezi Aziýanyň žurnalistika jemgyýetiniň bu dowamly işi howanyň üýtgemegi bilen bagly işlere gatnaşyjylar bilen bilelikde durnukly geljege barýan ýoly ädimme-ädim yşyklandyrmaga taýýardygyna ynam bildirdi.
Çykyş: “Merkezi Aziýa howa barada gürleýär – metbugat bu dialogyň sesi bolmaga taýyn!” diýen sözler bilen tamamlandy.
Bu günler diňe ara alyp maslahatlaşmak üçin wagt däl. Bu günler raýdaşlygy güýçlendirýän günlerdir, haçan-da manyly çekişmelerden umumy çemeleşmeler we mümkin bolan çözgütler kemala geldi. Howanyň çagyryşlary milli serhetleriň çäginden geçýär. Guraklyk, suw joşmalary, ýerleriň zaýalanmagy we suw çeşmeleriniň azalmagy eýýäm millionlarça adamyň durmuşyna täsir edýär. Diňe yzygiderli, uzak möhletli we açyk hyzmatdaşlygyň üsti bilen bu çagyryşlara mynasyp jogap berip bileris – diýip CAREC-iň täze ýerine ýetiriji direktory Batyr Mämmedow Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty – 2025 atly forumynyň işini jemledi. Onuň sözlerine görä, maslahatyň tamamlanmagy – bu başlangyç nokat. Bu ýerde beýan edilen pikirleri we teklipleri durmuşa geçirmekde milli strategiýalar, anyk çözgütler we ýerindaki kömekler zerurdyr.
ORIENT wakalaryň yzygiderligine gözegçilik etmegi we sebitiň howanyň durnuklylygy babatynda durmuşa geçirýän işleriniň barşy barada okyjylarymyza habar bermegini dowam etdirer.