Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dynç güni 19-njy maýa — duşenbä geçirildi

16.05.2025 | 00:11 |
 Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dynç güni 19-njy maýa — duşenbä geçirildi

Türkmenistanda 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe düşýän dynç güni başga güne geçirildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 18-nji maýyndaky dynç güni 19-njy maýa — duşenbe gününe geçirilýär.

Ýurtda ilatynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen Permana gol çekildi diýip, TDH habarynda aýdylýar. Dynç gününi başga güne geçirmek Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda amala aşyryldy.

Resminama eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralara, kärhanalara we guramalara şu Permanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge borçlandyrýar.

2025-nji ýylyň 19-njy maýy – duşenbe güni Türkmenistanda iş güni däldir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni (18-nji maý) şu ýylyň ýekşenbe gününe (bu eýýäm dynç güni) gabat gelýändigini göz öňünde tutup, ýurduň ýaşaýjylary esasy dynç gününinden soň goşmaça bir gün dynç alarlar.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: