Iň täze habarlar

Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşçisine Türkmenistanyň ýadygärlik nyşanlary gowşuryldy

16.05.2025 | 22:45 |
 Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşçisine Türkmenistanyň ýadygärlik nyşanlary gowşuryldy

15-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Russiýadaky Ilçisi Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşçisi, respublikanyň ilkinji Prezidenti Mintimer Şaýmiýewe «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy» mynasybetli altyn we kümüş ýadygärlik nyşanlaryny gowşurdy.

«Bu waka Mintimer Şaýmiýewiň Tatarystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk, doganlyk hem-de netijeli ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň esaslarynyň goýulmagynda görkezen aýratyn hyzmatlarynyň, şeýle hem türkmen-rus döwletara strategik hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine goşan uly goşandynyň ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr» - diýip, Türkmenistanyň ilçihanasynyň metbugat beýannamasynda bellenilýär.

Mintimer Şaýmiýewi mähirli gutlap, Ilçi Esen Aýdogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhammedowyň adyndan Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşçisine berk jan saglyk, tükeniksiz güýç-kuwwat we onuň köpugurly syýasy-jemgyýetçilik işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

ORIENT

Foto: russia.tmembassy.gov.tm

Şeýle hem okaň: