Iň täze habarlar

Türkmenistanyň kitaphanalarynda ýaşlaryň gatnaşmagynda dürli çäreler geçirildi

16.05.2025 | 19:30 |
 Türkmenistanyň kitaphanalarynda ýaşlaryň gatnaşmagynda dürli çäreler geçirildi

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň kitaphanalarynda ýaşlaryň gatnaşmagynda dürli çäreler geçirildi. Bu çäreler ýaşlarda watançylyk duýgusyny terbiýelemek, Watanyna hem-de onuň döwlet nyşanlaryna buýsanç döretmek maksady bilen guraldy.

Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň Merkezi kitaphana ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphanasynyň işgärleri Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde «Konstitusiýa, döwlet baýdagy – döwletliligiň we garaşsyzlygyň nyşanlary» atly çäre geçirdiler. Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda Watanumyzyñ garaşsyzlygynyñ we halk buýsanjynyñ baş nyşanlar hökmünde kabul edilýän Konstitusiýa we Döwlet Baýdagy baradaky gyzykly maglumatlary ýetirdiler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Esasy Kanuny – döwlet gurluşyny, adam we raýat hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de borçlaryny berkidýän Konstitusiýa bilen Garaşsyzlygyň nyşany bolan Döwlet Baýdagy halkymyzyň bitewiligini, mertebesini, bagtyýar şu gününi we ýagty geljegini alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk aýdym-sazly çäre Aşgabadyñ medeniýet müdirliginiñ merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň Büzmeýin şahamçasy bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar instituty tarapyndan bilelikde guraldy. Duşuşykda çykyş edenler Konstitusiýanyň hem-de Döwlet Baýdagynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň esasy ýörelgelerini şöhlelendirýändigini bellediler. Çykyşlarda Konstitusiýanyň hem-de onuň esasynda döredilen kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler bilen utgaşdyrylmagy ýurduň gülläp ösüşiniň, häzirki hem-de geljek nesilleriň bagtyýar ýaşaýşynyň kepili hökmünde görkezildi. Döwlet Baýdagynyň bolsa parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, ösüşiň we döredijiligiň nyşany hökmünde kabul edilýändigi nygtaldy. Şeýle hem çykyşlarda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, durmuş we zähmet kanunçylygynyň çäklerinde kanunyň hökmürowanlygynyň we raýatlaryň hukuklarynyň berk kepillendirilýändigi, munuň bolsa döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy hem-de medeni ösüşini üpjün edýändigi aýdyp geçildi.

Foto: medeniyet.gov.tm

Şeýle hem okaň: