Türkmen sungat işgärleri Pariždäki gala konsertinde çykyş etdiler
17.12.2023 | 19:22 |Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleler boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Pariždäki Baş edarasynda TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygyna bagyşlanan gala konserti geçirildi.
Konserte 7 ýurtdan 70 töweregi sungat işgärleri gatnaşyp, olaryň çykyşlar 1500-den gowrak tomaşaçyny özüne çekdi.
Çäre Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary tarapyndan TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlykda guraldy.
Konserte TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarynyň orunbasary Sait Ýusuf, ÝUNESKO-nyň 42-nji Baş konferensiýasynyň Prezidenti Simona-Mirela Mikulesku, ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň daşary aragatnaşyklar boýunça orunbasary Entoni Kwaku Ohemeng-Boama, TDG-nyň baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew şeýle-de ÝUNESKO-nyň ýanyndaky TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ilçileri, hemişelik wekilleri we wekilleri hem gatnaşdylar.
“Merkezi Aziýadan tä Anadola çenli aralykda ýerleşen türki halklaryň sazlary we halk aýdymlary ýaňlanan baýramçylyk çäresi, şeýle hem bu sebitiň dürli ýurtlarynyň milli eşiklerini geýip gelen artistleriň türki dünýäsiniň ýerli tanslary köpçüligiň ýokary bahasyna eýe boldy”-diýip, Türkmenistanyň DIM-niň web sahypasynda habar berilýär.
Türkmen artistleri gadymy däp-dessurlaryň häzirki zaman sungatynda nähili şöhlelenýändigini ajaýyp görkezýän “Kuşdepdi” milli tansymyzy ýerine ýetirdiler. Türkmenleriň “Kuşdepdi” aýdym aýtmak we tans etmek sungaty, 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň wekilçilik Reprezentatiw sanawyna girizildi.
ORIENT news