Iň täze habarlar

Ispan radioýaýlymy türkmen bagşysynyň albomyny iň gowy aýdym-saz toplumlarynyň sanawyna goşdy

15.01.2024 | 12:01 |
 Ispan radioýaýlymy türkmen bagşysynyň albomyny iň gowy aýdym-saz toplumlarynyň sanawyna goşdy

Ispaniýanyň meşhur “Mundofonias” radioýaýlymy eýranly türkmenlerden bolan bagşy Muhammetgeldi Geldinejatyň aýdym-saz albomyny dünýäniň iň gowy saz toplumlarynyň sanawyna goşdy. Muhammetgeldi Geldinejat adamlaryň arasynda “Oglan bagşy” ady bilen hem tanalýar.

Häzirki wagtda türkmen bagşysy ABŞ-da ýaşaýar we Billington kollejinde konsert berýär. Bu ýerde Muhammetgeldi amerikan diňleýjileri tarapyndan ünsden düşürilmeýän türkmen aýdym-saz sungatynyň abraýyny belende göterýär. Bagşynyň zehinine Aziýada, Ýewropada we Amerikanyň özünde eýýäm ýokary baha berildi.

Onuň saz çalyş ussatlygyna ata Watan Türkmenistanda hem ýokary baha berilýär. Ýeri gelende bellesek, ol ýörite çakylyk esasynda Daňatar Öwezow adyndaky ýöriteleşdirilen döwlet sazçylyk mekdebinde, soňra Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bilim aldy.

Mundan ozal, “ORIENT” Geldinejatyň sungat ýoly barada giňişleýin gürrüň beripdi.

ORIENT news

Foto: Redaksiýanyň arhiwinden

Şeýle hem okaň: