Malaýziýanyň aragatnaşyk we multimediýa agentliginde türkmen ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
25.01.2024 | 13:11 |Maglumat pudagynda özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri Türkmenistanyň Kuala-Lumpurdaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow we Malaýziýanyň Aragatnaşyk we multimedia komissiýasynyň başlygy Tan Şri Mohamad Salim Bin Fateh Din tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşligiň çäginde ilçi Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda geçiriljek möhüm wakalar barada hem gürrüň berdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda habar berilýär.
Komissiýanyň başlygy telekommunikasiýa we ýaýlyma beriş pudaklarynda we onlaýn ulgamda aragatnaşyk gurmagyň iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösmegine itergi berjekdigini aýtdy.
Biz ozal, “Türkmenhowaýollarynyň” 15-nji fewraldan Aşgabat-Kuala-Lumpurda yzygiderli gatnawlary ýola goýmagy meýilleşdirýändigini habar beripdik, bu hem iki ýurduň arasynda, şol sanda syýahatçylykda-da özara gepleşikleri geçirmegi ýeňilleşdirer.
ORIENT news